Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar. Şamçyraglar kimin şugla saçyp, ýyldyrym deýin okdurylýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сөвеш арабалары көчелерде дәлирән дек чапышярлар, мейданчаларда чар тарапа чарп урярлар. Шамчыраглар кимин шугла сачып, йылдырым дейин окдурылярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 2:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.


Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ‘Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Eý, atlar, ýel bolup uçuň! Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň! Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put, eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!


Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.


Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ