Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 2:13 - Mukaddes Kitap

13 «Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 «Мен саңа душмандырын». «Сөвеш арабаларыңы түтедип якарын, яш ширлериң гылычдан гырларлар, ер йүзүнден топлан олҗаларыңы ёк эдерин, чапарларыңың сеси эшидилмез асла». Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 2:13
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi.


Hizkiýanyň ýanyna baryp, beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär diýiň: «Sen nämä bil baglaýarsyň?


Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim.


Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidip, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady.


Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.


Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.


Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar.


Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň!


Ähli galalaryň injir agajynyň ilki ýetişen miwesi kimindir; silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.


Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, sen gylyçdan ölersiň, seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, teneçirlerçe örňe!


Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.


Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.


Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ