Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Арсланларың сүренине, яш арсланларың ерине нәме болды? Арсланларың барян, чага арсланларың горкусыз гезйән ерине нәме болды?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 2:11
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.


Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.


Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


«Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy faraon üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».


Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.


Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.


Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar.


Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň!


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ