Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Чоларды, харабалыга өврүлди, вейран болды! Йүреклер эзилип, дызлар титрейәр, хеммәниң сүңңи сарсып, йүзлери чув ак боляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 2:10
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Damask hakynda pygamberlik: «Hamat we Arpat utandy, erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi, tolkun atýan deňiz kimin ikiýana alakjap yrandylar.


Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“.


Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly, ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.


Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ölüler dünýäsine inen güni, Men ol agaç üçin ýas tutsunlar diýip, ony düýpsüz çuňluk bilen örtdüm, onuň derýalaryny togtatdym; äpet suwlary sakladym. Bu agaç üçin tutuş Liwany tümlüge gapladym, onuň ähli agaçlaryny soldurdym.


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.


Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.


Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»


Reb şeýle diýýär: «Gyrdym Men halklary, diňlerini weýran etdim, köçelerini harap etdim, ondan ötüp-geçýän ýokdur. Şäherleri harabalyga öwrüldi, ýekeje ynsan-da galmady».


Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.


Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin tutuş halkyň susty basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ