Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.
Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.
Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.
Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.
Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».