Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реббиң өңүнде даглар титрейәр, байырлыклар эрейәр, ер сарсяр, дүнйә илаты билен лерзана гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 1:5
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, ýeriň binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.


Gögüň sütünleri sarsýar, Hudaýdan gorkularyna titreşýär.


Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, gazabyna daglary ters düňderýär.


Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.


Men şonda çagyrdym Rebbi: «Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!»


Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.


Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.


Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.


Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.


Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy.


Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.


Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.


Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ