Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб халкына шейле диййәр: «Ашурлар көп ве гүйчли болсалар-да, гырлып, ёк болуп гидерлер. Эй, Яхуда, сизе эҗир чекдиренем болсам, мундан артык эҗир чекдирмерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 1:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Agşamara, ine, howp! Säherden öň ol ýok bolýar. Bizi tozdurýanlaryň paýy, bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.


Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.


Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ