Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Душманлар тикенлер дей бири-бирлерине чырмашып, аракхорлар кимин серхошдырлар; гуры саман дейин якылып ташланарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 1:10
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.


Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.


Özüňe garşy çykanlary beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, olary saman dek ýakýaň.


Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.


Men gazaply däl, çalylar, tikenler garşyma çyksa, olar bilen söweşip, baryny oda ýakaryn.


Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.


Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, huşuňdan gidip ýykylarsyň, duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ