1 Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.
1 Ниневе шәхери хакындакы пыгамберлик; элкошлы Нахум өзүне гелен аянлыгы язып алды.
Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi.
Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öz ýurduna gaýtdy. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.
Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!
Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:
Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:
Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!
Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.
Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?
Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.
«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».
Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, emma yza bakýan ýokdur.
Habakuk pygambere aýanlyk arkaly gelen pygamberlik.
Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.
Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.
Pygamberlik sözi. Malakynyň üsti bilen Rebbiň ysraýyllara aýdan sözi.