Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.
Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».
Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.