Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Соңра Реб Муса: «Элиңи асмана узат, шонда тутуш Мүсүриң үстүне долы ягар. Мүсүриң мейданларында галан адамларың, малларың ве гөгерип отуран әхли өсүмликлериң үстүнден долы инер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 9:22
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi.


Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.


Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi.


Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi.


Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ