Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ёгсам, бу гезек Мен сениң өз үстүңден, эмелдарларыңың ве халкыңың үстүнден әхли бела-бетерлерими индерерин. Шонда сен бүтин ер йүзүнде Мениң ялы хич кимиң ёкдугыны билерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 9:14
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.


islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,


Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.


Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi.


Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.


Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.


Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.


„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!


Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Bu kitabyň pygamberlik sözlerini eşidýän her kese duýdurýaryn: kimde-kim bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.


Dat biziň günümize! Bu kuwwatly hudaýlaryň elinden kim bizi halas edip biler? Her hili bela-beterler bilen bular çölde müsürlilere göz görkezen hudaýlar ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ