Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Соңра фараон Муса билен Харуны чагырып, олара: «Менден ве халкымдан гурбагаларың айрылып гитмегини сорап, Реббе дилег эдиң. Мен болса халкыңызы Реббе гурбанлык бермәге гойберерин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:8
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.


Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.


Şeýdip, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.


Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne faraon ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe gurbanlyk bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.


Emma faraon bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.


Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ