Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гурбагалар сениң үстүңе, сениң халкыңың ве әхли эмелдарларыңың үстүне чыкарлар’“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:4
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.


Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.


Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.


Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi.


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ