Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Нил дерясы гурбага сүрүсинден долуп, олар сениң өйүңе, көшгүңе ве ятян дүшегиңе ченли гелерлер. Гурбагалар сениң эмелдарларыңың ве халкыңың өйлерине долар, олар хатда тамдырларыңызың ичине ве хамыр югрулян җамыңыза ченли гирерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:3
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.


Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.


Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Şeýlelikde, ysraýyllar petirlik hamyrlaryny kendirige dolap, ony hamyr jamlara salyp, eginlerinde göterip gaýtdylar.


Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.


Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi.


Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin.


Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ