Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:26 - Mukaddes Kitap

26 Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän gurbanlygymyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal gurbanlygymyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эмма Муса: «Бейле этсек догры болмаз. Худайымыз Реббе берйән гурбанлыгымызы мүсүрлилер неҗислик хасапларлар. Эгер биз мүсүрлилере неҗислик эдип, мал гурбанлыгымызы оларың гөзүниң алнында берсек, онда олар бизи дашлап өлдүрмезлерми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:26
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar.


Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».


Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom üçin guran seždegählerini patyşa haramlady.


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi.


Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ