Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма шол гүн Мен Өз халкымың яшаян ери болан Гошен топрагыны айры гойҗак. Ол ерде хич хили сиңек сүрүси болмаз, шонда сен Мениң бу юрдуң Реббидигими билерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».


Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary.


Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.


Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.


Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.


Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.


Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar.


Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“».


Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.


Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.


Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.


Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi.


Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ