Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:20 - Mukaddes Kitap

20 Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Соңра Реб Муса: «Ирден тур-да, фараоның сува дүшмәге чыкян вагты оңа гараш ве оңа шейле дий: „Реб шейле диййәр: ‘Мениң халкымы гойбер. Олар гидип, Маңа ыбадат этсинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:20
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.


Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“».


Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ