Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:19 - Mukaddes Kitap

19 Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Җадыгөйлер фараона: «Бу Худайың иши» дийдилер. Эмма фараоның йүреги доңды ве ол Реббиң айдышы ялы, олара гулак асмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».


Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.


Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.


Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.


Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».


Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.


faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.


Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.


Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


«Bu adamlary näme edeliň? Iýerusalimde ýaşaýanlaryň her biri bularyň täsin gudrat görkezendigini bilýär. Biz muny inkär edip bilmeýäris.


Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ