Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мүсүрлилер өлен гурбагалары улы үйшмеклер эдип йыгнадылар, ерден порсы ыс хаплап урды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 8:14
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy.


Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.


Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi.


Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?


Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.


Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ