Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:5 - Mukaddes Kitap

5 Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мен голумың гүйҗүни гөркезип, Мүсүрден ысрайыллары алып чыканымда, мүсүрлилер Реббиң Мендигиме гөз етирерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.


Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.


Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.


Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.


Gazaply jezalar bilen olardan agyr öç alaryn. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler“».


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Müsür ýurduny harabaçylyga öwrenimde, ony ähli zatdan mahrum edenimde we onuň ilatyny gylyç bilen gyranymda, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.


Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ