Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мениң саңа буюрян табшырыкларымың әхлисини сен айтмалысың, доганың Харун болса фараондан ысрайыллары өз юрдундан гойбермегини сорар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:2
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň.


Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».


Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi.


Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler.


Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.


Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.


Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.


«Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ