Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:19 - Mukaddes Kitap

19 Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Реб Муса: «Харуна айт: „Хасасыны алсын-да, Мүсүриң әхли сувларына: оларың деряларына, япларына, ховузларына ве әхли сув ховданларына хасасы билен уруп чыксын. Мүсүриң әхли сувлары, хатда челекдәки ве даш күйзелердәки сувлар хем гана өврүлер“» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:19
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.


Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».


Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi.


Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi.


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi.


Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.


Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi.


Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.


Onuň dokmaçylary howsala düşerler, ähli hakyna tutulanlar gam çekerler.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ