Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:17 - Mukaddes Kitap

17 Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Реб шейле диййәр: ‘Шу этҗек ишими гөрүп, сен Мениң Ребдигими билерсиң: Гөрйәңми, мен шу элимдәки хаса билен Нил дерясының сувуна уран бадыма, сув гана өврүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:17
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.


Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Gazaply jezalar bilen olardan agyr öç alaryn. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler“».


Müsür ýurdy harabaçylyga we çöllüge öwrüler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. Faraon: „Nil derýasy meniňki, ony men ýaratdym“ diýdi.


Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Müsür ýurduny harabaçylyga öwrenimde, ony ähli zatdan mahrum edenimde we onuň ilatyny gylyç bilen gyranymda, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Topragyňy daglara çenli ganyň bilen suwararyn; jülgeler seniň läşiňden dolar.


Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.


Ikinji perişde surnaýyny çaldy. Şonda alawlap ýanýan äpet dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň suwunyň üçden biri gana öwrülip,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ