Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Соңра оңа шейле дий: „Еврейлериң Худайы Реб, ине, шулары айтмак үчин мени сениң яныңа иберди. Ол саңа: ‘Мениң халкымы гойбер, гой, олар чөлде Маңа ыбадат этсинлер’ дийди. Ине, сен болса, энтек хем муңа боюн болмадың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“.


Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Siz bolsa faraona şeýle diýiň: „Reb saňa şeýle aýdýaryn: Ysraýyl Meniň nowbahar oglum.


Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“».


faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär, ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar, azat etmekden boýun gaçyrýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ