Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:15 - Mukaddes Kitap

15 Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Фараоның ирден деря сува дүшмәге чыкян вагты, сен онуң янына бар. Оңа душмак үчин, Нил дерясының янында гараш, элиңе йылана өврүлен хасаны хем ал.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:15
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.


Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.


Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ