Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Соңра Реб Муса шейле дийди: «Фараон доңйүрек адам, ол халкы гойбермекден йүз өвүрйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:14
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.


Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.


Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin.


Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin.


Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“».


Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.


Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.


Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin.


Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň,


Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler.


Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ