Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Фараоның йүрегиниң доңы энтек хем чөзүленокды. Реббиң айдышы ялы, ол хениз хем булара гулак габартмаярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.


Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.


Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.


Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi.


Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ