Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Фараон хем өз акылдарларыны, җадыгөйлерини йыгнады. Олар хем өзлериниң гизлин усуллары билен шейле этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 7:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.


Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy.


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler.


Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.


Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez.


«Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Olar öz edýänlerinde ilerlemezler. Ýannis bilen Ýambrisiňki ýaly, olaryň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Şondan soň piliştliler ruhanylardyr palçylary çagyryp, olara: «Rebbiň sandygyny näme etsekkäk? Ony öz mekanyna nähili gaýtarmalydygyny bize aýdyň» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ