Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен сизи Ыбрайыма, Ысхага ве Якуба сөз берен ериме элтерин ве Мен сизе ол ери эелемәге берҗекдирин. Мен Ребдирин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:8
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.


Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.


Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň».


Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.


Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Sizi ata-babalaryňyza bermeklige ant içen ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler.


Ýurdy siz on iki tiräniň arasynda deň paýlaň. Men ony ata-babalaryňyza bermegi ant içdim. Bu ýurt size mülk edilip berler.


Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.


Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!


Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.


Men size öz zähmetiňizi siňdirmedik ýerleriňizi we öz gurmadyk galalaryňyzy berdim, häzir siz ol ýerlerde ýaşap ýörsüňiz. Siz öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzyň miwelerinden iýip ýörsüňiz“.


Ol gögi we gökdäkileri, ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, baky ýaşaýan Hudaýyň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz!


Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ