Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:7 - Mukaddes Kitap

7 Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен сизи Өз халкым эдип кабул эдерин ве Мен сизиң Худайыңыз боларын. Онсоң сизи Мүсүр гулчулыгындан бошадан Худайыңыз Реббиң Мендигими билерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:7
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.


Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.


Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.


Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.


«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».


Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz.


Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.


Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler».


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn».


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Meniň parzlarymy tutuň, hökümlerimi doly berjaý ediň, olary ýerine ýetiriň.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Hudaýyňyz Reb Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Hudaýyňyz Reb Mendirin!»


„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Bu gün Reb söz berşi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi.


Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz.


Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar.


Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ