Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шонуң үчин хем ысрайыллара айт: „Мен Ребдирин. Мен сизи Мүсүр зулумындан чыкарып, гулчулыкдан азат эдерин. Гудратлы гүйч билен ве агыр җезаларым билен Мен сизи олардан азат эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:6
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe sežde ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň.


Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň.


Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.


Ol gaýadan suwlar çogdurdy, suwlary derýalar kimin akdyrdy.


Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.


Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».


Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz.


Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi.


Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn.


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


Sen alamatlardyr mugjyzalar bilen, güýç-gudrat we äpet elhençlikleriň güýji bilen Öz halkyň Ysraýyly Müsür ýurdundan çykardyň.


Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.


Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy.


Bu gün şuny ýatda saklaň, men şuny Hudaýyňyz Rebbiň terbiýesini görmedik-bilmedik çagalaryňyza aýdýaryn: siziň çagalaryňyz Rebbiň beýikligini, Onuň gudrat-güýjüni,


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.


Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.


gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.


Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.


Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.


Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ