Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен олара гелмишек болуп яшан юрды болан Кенган топрагыны бермеги әхт этдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:4
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer.


«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.


Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».


Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.


Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!»


Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň.


Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi, olardan hiç biri aman galmady.


Şonda Onuň sözlerine uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.


Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.


Hudaý bu ýerden onuň özüne mülk bermedi, hatda bir garyş ýer-de bermedi. Emma heniz perzendi bolmasa-da, bu ýurdy onuň nesline mülk edip bermegi wada berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ