Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мен Ыбрайыма, Ысхага ве Якуба Гудратыгүйчли Худай болуп гөрүндим, эмма Өзүми олара Реб адым билен танатмадым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)


Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin.


Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.


Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.


Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.


Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.


Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi.


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


«Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler».


«Ýeri ýaradan, oňa şekil berip, berkarar eden, ady Reb Bolan şeýle diýýär:


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir.


Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykaranymda, eý, halkym, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ