Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма Муса Реббе: «Гөрйәңми, энтек ысрайыллар мени диңләнок, онсоң фараон маңа нәдип гулак ассын, мен бир дилсиз-агызсыз адам ялы ахырын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:12
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi.


Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.


Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.


Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.


Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ