Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эмма Реб Муса: «Мениң фараона нәме этҗегими инди гөрерсиң. Мен оны гудратлы голум билен халкымы гойбермәге меҗбур эдерин, ол шу гудратлы голуң зарбындан яңа, олары хатда өз юрдундан ковуп чыкарар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 6:1
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!


Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar.


Faraon şol gijäniň özünde Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň.


Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler.


Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ