Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Соңра олар: «Еврейлериң Худайы бизе душды. Инди болса бизе үч гүнлүк чөле гидип, Худайымыз Реббе гурбанлык бермәге ругсат эт, ёгсам, Реб бизи гыргына берер я-да гылыч билен бизиң башымызы алар» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 5:3
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu dürli milletleriň halklary Samariýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler.


Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.


Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gögüň Hudaýy tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Hudaýymyz Rebbe berjek gurbanlygymyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis, nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ