8 Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýadyň derwezesine ýapynja tut.
8 Тутуш даш-төвереге хаят гур ве хаядың дервезесине япынҗа тут.
Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.
Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý.
Soňra mesh ýagyny alyp, çadyra we onuň ähli zatlaryna ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar.
Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.
Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.