Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.
Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.
Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.