Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 40:34 - Mukaddes Kitap

34 Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Соңра Реббе йүз тутулян мукаддес чадыры булут өртди. Реббиң шөхраты мукаддес чадыры долдурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 40:34
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.


Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.


Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler.


«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.


Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar.


Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy.


Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.


Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ