Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler.
Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.
Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.
Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.
Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi.