Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi.
Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.
Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.
«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.