Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi.
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.