Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 40:10 - Mukaddes Kitap

10 Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes et, şonda ol iň mukaddes bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Якма гурбанлыгының сыпасының үстүне ве онуң әхли энҗамларының үстүне хем яг сепеле. Шейдип, гурбанлык сыпасыны мукаддес эт, шонда ол иң мукаддес болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 40:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar.


Legene we onuň sütüniniň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.


Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ