Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:31 - Mukaddes Kitap

31 Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Адамлар оңа ынандылар. Ысрайыл халкына Реббиң назар саландыгыны ве оларың чекйән җебирлерини гөрендигини эшиденлеринде, олар башларыны эгип сежде этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:31
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler.


Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.


Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi.


Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.


Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.


Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi.


Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda,


Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.


Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, olar örüde sürülerini otararlar, agşamyna Aşkelon şäherinde ýatarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, öňki abadançylyklaryny gaýtaryp berer.


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ