Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ёлда олар бир кервенсарайда дүшләнлеринде, Реб Муса душуп, оны өлдүрмәге сынанышяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:24
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».


Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi.


Hudaýyň adamy gidip barýarka, oňa ýolda bir ýolbars duşup, ony öldürdi. Onuň jesedi ýoluň üstünde ýatyrdy, eşek-de, ýolbars-da onuň gapdalynda durdy.


Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ