Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».
«Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň».