Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Сен оңа гепләп, сөзлери онуң агзына салып берерсиң. Мен сизиң икиңизе хем геплемәге көмек эдерин ве сизе нәме этмелидигиңизи өвредерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:15
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi.


Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.


Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


patyşanyň ýanyna baryp, meniň diýenlerimi oňa aýdarsyň» diýip, aýtmaly sözlerini onuň agzyna salyp berdi.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp,


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi.


Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.


Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.


Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag guýmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin».


Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.


Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ