Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шундан соң Реббиң Муса гахары гелди ве оңа: «Левилер неслинден болан доганың Харун шол ерде дәлми нәме? Мен онуң диле чепердигини билйәрин. Ол эййәм сени гаршы алмак үчин ёлда ве ол сени гөренине йүрекден бегенер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.


Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren Ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi.


Bu iş Hudaýa pis göründi we Ol Ysraýyly jezalandyrdy.


Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi.


Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.


Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady.


Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.


Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük:


Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym.


Sebäbi köp adamlar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn.


Soňra Men Musa bilen Haruny Müsüre iberdim we olaryň arasynda eden ähli bela-beterlerim bilen müsürlilere göz görkezdim. Şondan soň sizi ol ýerden alyp çykdym.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde faraonyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ