Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:12 - Mukaddes Kitap

12 Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Хәзир болса ёла дүш, Мен саңа сөзлемәге көмек эдерин ве саңа нәме айтмалыдыгыңы өвредерин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.


Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi.


Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň.


Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.


Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.


Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ